“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň Baş direktory we Müdiriýet başlygy
Muhammetmyrat Amanow 2016-njy ýylyň maý aýyndan bäri “Tapi Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş müdiri bolup işleýär. Ol 8 ýyl "Türkmengaz" döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi, şol sanda 2012-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli başlygyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. “Türkmengaz” döwlet konserninde işlän döwründe, Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň çäginde 3000 kilometrden gowrak gaz geçirijilerini (olaryň iň ulusy 56 düýümlik, “800 kilometrlik Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi”) taslamalaşdyrmak we gurmak işlerine jogapkärdi, şeýle-de “Galkynyş” gaz ýatagynyň 1-nji tapgyrynyň ösüşine gatnaşyp, önümçilik we tehniki bölümiň müdiri we gurluşyk boýunça direktor orunbasary ýaly wezipelerde işledi. Ol Türkmen Politehniki Institutynda inženerçilik, ykdysadyýet we dolandyryş hünäri boýunça bilim aldy. Ol iş karýerasyna “Halkbankda” başlap, soňra “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň önümçilik meýilnamasyny düzmek bölüminiň başlygy wezipesine geçdi.