Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri
Bekdurdy Amansaryýewiň dürli ugurlarda uly tejribesi bar. Ol 1976-njy ýylda Döwlet telewideniýe we radio ýaýlym komitetiniň ýaşlar gepleşikleriniň redaktory bolup işe başlady, soňra ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dil we edebiýat institutynda gözlegçi bolup işledi. 1986-njy ýylda kandidatlygyny gorady. Şondan soň Bekdurdy hususy kärhananyň müdiriniň orunbasary, “Нейтральный Туркменистан" gazetiniň Ylym we Medeniýet bölüminiň müdiri we şol gazetiň baş redaktory wezipesinde işledi. 2009-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Döwlet maglumat gullugynyň başlygydy we häzirki wagtda “ORIENT” web sahypasynyň baş redaktory we “MEDIA TURKMEN” habar gullugynyň baş müdiri. Işi üçin Bekdurdy 7 sany döwlet sylaglary we medal bilen sylaglandy şeýle-de üç gezek milli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.