Çykyş edýän
speaker_image
BAÝRAMMYRAT ATAMANOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory

organization
Çykyş edýän mejlisi
MEJLIS 5
24.10.2024
Mowzuk:

Baýrammyrat Atamanow 1983-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetini inžener-himik-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. 1983-1985-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda inžener, uly inžener wezipelerinde işledi. 1985-1988-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky Himiýa-tehnologiýa Uniwersitetinde aspirantura okady we 1989-njy ýylda tehniki ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesi berildi. 1995-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary attestasiýa toparynyň karary bilen “Himiýa tehnologiýasynyň amallary we enjamlary” hünäri boýunça uly ylmy işgär diýen alymlyk ady berildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary attestasiýa toparynyň karary bilen tehniki ylymlaryň doktory alymlyk derejesi berildi. 1983-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda, soňra 1999-2004-nji ýyllarda “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi. 2004-2011-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag we Tebigy Gaz Institutynda uly ylmy işgär, alym kätip, direktoryň orunbasary, bölüm başlygy wezipelerinde işledi. 2011-2012-nji ýyllar aralygynda Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk Institutynda uly mugallym, ylmy bölüminiň esasy hünärmeni wezipelerinde işledi. 2012-2021-nji ýyllarda Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk Institutynyň rektory wezipesinde işledi. 2021-nji ýyldan häzirki wagta çenli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz Uniwersitetiniň rektory wezipesinde işleýär.