Çykyş edýän
speaker_image
GUWANÇ AGAJANOW

«Türkmennebit» DK-iň Başlygy

organization
Çykyş edýän mejlisi
1
23.10.2024
Mowzuk:

2002-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak hünäri boýunça tamamlady we dag inženeri käri aldy. Zähmet ýoluny 2003-nji ýylyň dekabr aýyndan “Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň Nebitgazgözleg ekspedisiýasynda burawçynyň kömekçisi bolup işe başlap, ol ýerde 2004-nji ýylyň iýun aýyna çenli zähmet çekdi. 2004-nji ýylyň iýun aýyndan 2007-nji ýylyň aprel aýy aralygynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň baş hünärmeni bolup işledi. 2007-nji ýylyň maý aýyndan başlap, 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2016-njy ýylyň iýul aýyndan 2019-njy ýylyň ýanwar aýy aralygynda “Turkmengaz" döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi we 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Turkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen "Turkmennebit" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen "Turkmennebit" döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.