Çykyş edýän
speaker_image
BATYR AMANOW

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

organization
Çykyş edýän mejlisi
1
23.10.2024
Mowzuk:

Batyr Amanow 2009-njy ýylda Türkmen politehniki institutyny geodeziki inžener hünäri boýunça tamamlady. 2009-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň “Türkmenýöritenebitgazgurnama” trestinde ulag we mehanizasiýa bölüminde dürli wezipelerde işledi. 2012-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminde baş inžener bolup işledi. 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli - “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserninde turbageçiriji gurluşyk bölüminiň baş hünärmeni we müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi. 2017-nji ýyl- da “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň düýpli gurluşygy boýunça direktoryň orunbasary wezipesine bellenildi. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, soňra bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş müdiri wezipesine bellenildi. 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinde işledi we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.