«Türkmengaz» Döwlet konserniniň Başlygynyň orunbasary
2009-njy ýylda Ukrainanyň Milli Tehniki Uniwersitetiniň Harkow Politehniki Institutyny «Ýanyjy we uglerod materiallarda himiki prosesler» hünäri boýunça magistr derejesi bilen tamamlap, ol öz ýoluna terjimeçi hökmünde Bouygues Türkmen Paýdarlar Jemgyýetinde başlady. 2011-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygy «Türkmengaz» Döwlet Konserniniň Nebit we gaz Institutynda dürli wezipeleri eýeledi, 2012-nji ýylda bolsa «Türkmengaz» Döwlet Konseniniň Daşary ýurt döwletlere tebigy we suwuklandyrylan gazy satmak Müdirliginiň baş hünärmeni wezipesine geçirildi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmengaz» Döwlet Konserniniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi we şol ýylyň dekabr aýynda - Türkmenistanyň Döwlet Ministri - «Türkmengaz» Döwlet Konserniniň Başlygy weipesine bellendi. 2020-nji ýyldan Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna geçirildi we ol ýerde dürli wezipeleri eýeledi. 2022-nji ýylda «Türkmengaz» Döwlet Konserniniň Gazy gaýtadan işleýiş Müdirliginiň baş hünärmeni wezipesine bellendi, 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolsa - «Türkmengaz» Döwlet Konserniniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.