Çykyş edýän
speaker_image
MAGTYMGULY AKMYRADOW

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Klimat meseleleri boýunça geneşçisi

organization
Çykyş edýän mejlisi
1
25.10.2024
Mowzuk:

1984-nji ýylda Türkmen Politehniki Institutyny «Inžener-geolog» hünäri boýunça tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geologiýa Institutynyň uly laboranty bolup başlady. 1996-njy ýyla çenli şol ýerde aspirant, kiçi, soňra uly ylmy işgär boldy. Soňra Türkmenistanyň tebigaty ulanyş we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça BMGÖM-iň milli maksatnamasynyň ýolbaşçysy bolup işledi. Soňra, Türkmenistanyň Tebigatyny Goramak Ministrliginiň maglumat we halkara aragatnaşyk müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bolup, ondan soň şol müdirligiň başlygy bolup işledi. 2001-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli - Türkmenistanyň Tebigatyny Goramak Ministriniň orunbasary, 2005-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Tebigatyny Goramak Ministri. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary Işler Ministligine işe geçirildi. 2010-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi boldy. Häzirki wagtda TDIM-niň Ekologiýa we suw diplomatiýasy meseleleri boýunça geňeşçisi bolup işleýär. Magtymguly Akmyradow, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça Milli Maksatnamasy (1999ý.), Hazar Ekologiýa Maksatnamasy (2003ý.), BMG-nyň Aralyň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň Konsepsiýasy (2018ý.), Aral deňziniň Howdanynyň Maksatnamasy-4 (2020ý.), Täze Hazar Ekologiýa Maksatnamasy (2020ý.), Aral Milli maksatnamasy (2021ý.) ýaly maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşdy. Ol geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty.