Çykyş edýän
speaker_image
IRINA LURÝEWA

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag Tebigy Gaz Institutynyň laboratoriýa müdiri

organization
Çykyş edýän mejlisi
1
24.10.2024
Mowzuk:

Irina Lurýewa – tehniki ylymlaryň doktory, 20-den gowrak patenti, şeýle-de 200-den gowrak ylmy we okuw-usulyýet neşirýatlary bar. 1988-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny «Nebit we gaz ýataklarynyň işlenip taýýarlanmagynyň tehnologiýasy we hemmetaraplaýyn mehanizasiýalaşdyrylmagy» hünäri boýunça tamamlap, öz zähmet işini ylmy işgär we mugallym hökmünde başlady. 2006-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri «Türkmengaz» DK-iň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda işleýär. Häzirki wagtda ««Galkynyş» gaz ýatagynyň we halkara turbageçirijileriň işlenip taýýarlanmagy» barlaghanasynyň müdiri we ýaş alymlaryň we hünärmenleriň halypasy. Ylmy gyzyklanmalarynyň ugry: gaz ýataklarynyň işlenip taýýarlanmagynyň gidrodinamiki modellemesi, ýataklaryň işlenip taýýarlanmagynyň tehnologiýasynyň we guýularyň ulanylmagynyň kämilleşdirilmegi.