“Dragon oil” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory
2017-nji ýylyň 4-nji martynda Al Jarwan Dragon Oil kompaniýasyna Baş direktor hem-de Gözleg we gazyp almak boýunça dolandyryjy hökmünde goşuldy. Onuň 30 ýyldan gowrak gözleg we çykaryş sebitinde ýolbaşçylyk we tehniki tejribesi bardyr. Ali Raşid Al Jarwan bakalawr derejesini “Nebit-gaz inženerçiligi” ugry boýunça Tulsa Uniwersitetinde, Oklahomada; magistr derejesini Şweýsariýanyň Halkara Ösüş Menejment Institutynda; we umumy menejment hünärini bolsa Beýk Britaniýanyň Kranfild Menejment Uniwersitetinden aldy. Ali Raşid Jarwan ADNOC Group kompaniýasynda birnäçe ýolbaşçylyk wezipelerini eýeledi, şol sanda 2006-njy ýylyň iýun aýyndan 2016-njy ýylyň iýun aýyna çenli “Abu Dhabi Marine Operating Company” kompaniýasynyň (ADMA-OPCO) Baş direktory boldy. Şeýle-de, ol NPCC, NDC, Atheer, IRSHAD we Nebit Instituty ýaly birnäçe guramalarda direktorlar geňeşiniň agzasydyr. Al Jarwan birnäçe sylaglaryň eýesi, şol sanda 1992-nji ýylda Inžener-nebitçileriň Jemgyýetiniň (SPE) «Hyzmatlary üçin sebitleýin sylagy», 1999-njy ýyldan bäri SPE organizasiýasynyň hormatly agzasy we 2013-nji ýyldan bäri SPE /AIME Institutynyň (American Mining, Metallurgical and Petroleum Engineers) hormatly agzasy, şeýle-de 2017-nji ýylda «Bütin ömrüniň dowamynda gazanan üstünlikleri üçin sylagyny» aldy. Ol 2002-nji ýylda GEO, 2006-njy ýylda HSE boýunça 8-nji Halkara maslahaty, 2006-njy, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda ADIPEC ýaly birnäçe halkara maslahatlarda baştutanlyk etdi.