«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory
Baýrammyrat Pirniýazow 1998-nji ýylda Türkmen Politehniki Institutyny “Dag inženeri – geolog” hünärini tamamlady. Zähmet ýoluna 1998-nji ýylda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz Institutynyň inženeri bolup işe başlady. 1999-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz Institutynyň Geologiýa gözleg işleri we gorlary hasaplaýyş bölüminde inžener, 2-nji derejeli inžener, 1-nji derejeli inžener, ylmy işgär, laboratoriýa müdiri wezipelerinde işledi. 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy- barlag tebigy gaz Institutynyň Önümçilik geologiýasy bölüminiň Gaz, kondensat we ugurdaş düzümleriniň gorlaryny hasaplaýyş laboratoriýasynyň müdiri we institutyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan awgust aýyna çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Geologiýa we gaz ýataklaryny işläp geçmek müdirliginiň başlygy wezipesinde işledi. 2020-nji ýylyň awgust aýyndan häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag Tebigy Gaz Institutyň direktory wezipesinde işleýär.