"Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň başlygy
Gurbangeldi Garlyýew 2001-nji ýylda Türkmen Döwlet Politehniki Institutyny "Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we işletmek" hünäri boýunça "Magdan inženeri" hünäri bilen tamamlady. Zähmet ýoluna 2001-nji ýylyň awgust aýynda "Türkmennebit" Döwlet konserniniň “Körpeje” gaz çykaryş müdirliginiň gazy taýýarlamak we transport etmek ussahanasynyň operatory wezipesinde başlap, 2006-njy ýylyň mart aýyna çenli dürli wezipelerde işledi. 2006-njy ýylyň mart aýyndan 2015-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň merkezi edarasynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2016-njy ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölüminde baş hünärmen wezipesinde işledi. 2016-njy ýylyň aprel aýyndan 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyndaky Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet agentliginiň orunbasary wezipesinde işledi. 2016-njy ýylyň awgust aýyndan 2023-nji ýylyň awgust aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölüminde müdir wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çykarylan Perman bilen "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasynyň Başlygy wezipesine bellenildi.