Energetika pudagy boýunça hünärmen, USAID Power Central Asia Activity
Jenap Zbrodko energiýa gözlegleri we maslahat beriş ulgamynda 15 ýyldan gowrak hünär tejribesine eýe, şol sanda täzelenýän energiýa we energiýa netijeliligini ösdürmek strategiýalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde döwlet edaralaryna we hususy pudaklara goldaw bermeklige gönükdirilen halkara ösüş taslamalaryna gatnaşmak boýunça on ýyllyk tejribesi bar. Şeýle hem, arassa energiýa taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin alternatiw maliýe modellerini (energiýa netijeliligi şertnamalary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy) işläp taýýarlamak meselelerinde ýerli hökümetlere maslahatlar berdi. Tehniki meseleleri ýerine ýetirmekden başga-da, jenap Zbrodko Merkezi Aziýadaky taslamalary strategiki, maliýe, administratiw we tehniki taýdan dolandyrylmagyny üpjün edýär. Jenap Zbrodko, halkara hünärmen guramasynyň bölümi bolan Energetika inženerleri birleşiginiň Gazagystan bölümini esaslandyryjylaryň biridir. Şeýle hem, kepillendirilen energiýa dolandyryjysy (CEM®) we kepillendirilen auditory(CEA®) bolup durýar. Ýegor Zbrodko maliýe we energiýa taslamalaryny dolandyrmak boýunça magistr derejesine (Kolumbiýa uniwersiteti, ABŞ), şeýle hem tehniki ylymlar boýunça magistr derejesine (KaznU, Gazagystan) eýedir.