Çykyş edýän
speaker_image
ASMAWI BIN SALIM

“PÇ(T)SB” kompaniýasynyň Maliýe meseleleri boýunça baş direktor

organization
Çykyş edýän mejlisi
1
23.10.2024
Mowzuk:

Jenap Assmawi Bin Salim 2022-nji ýylyň 01-nji martynda “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Maliýe meseleleri boýunça baş direktory hökmünde bellenildi. Ol özüniň kärini 2001-nji ýylyň iýunynda Dublinde (Irlandiýa) “OSK” kompaniýasynda (Diplomly buhgalterler we ygtyýarnamaly auditorlar) audit boýunça kiçi hünärmen wezipesinden başlady, soňra ol 2003-nji ýylyň oktýabryndan 2005-nji ýylyň sentýabryna çenli Irlandiýanyň bankynda buhgalterçilik hasabaty boýunça hünärmen wezipesinde işledi. 2006-njy ýylyň aprelinde ol “PETRONAS” kompaniýasynyň “PETRONAS Methanol (Labuan) Sdn Bhd” bölümçesine buhgalterçilik hasabaty boýunça hünärmen hökmünde goşuldy. Ol buhgalterçilik hyzmatlaryny, salgyt amallaryny, şeýle hem işewürligi meýilleşdiriş we býujeti öz içine alýan dürli wezipelerde işledi. 2010-njy ýylda ol Sudana “Centroid Technical Services” kompaniýasyna (“OGP Technical Services Sdn Bhd” kompaniýasynyň (“PETRONAS” kompaniýasynyň golçur kärhanasy) we “SUDAPET” kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy) buhgalterçilik hasabaty boýunça uly hünärmen hökmünde geçirildi. Soňra 2012-nji ýylda ony “Trans Thai-Malaysia (Malaysia) Sdn Bhd” kompaniýasynyň (“PETRONAS” we “PTT” kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy) maliýe menejeri wezipesine ýokarlandyrdylar. “Trans Thai-Malaysia (Malaysia) Sdn Bhd” kompaniýasynda işlän 5 ýylyň içinde ol dürli wezipe borçlaryny ýerine ýetirdi, şol sanda maliýe we buhgalterçilik hasabaty, işleri dolandyryş, tenderler we üpjünçilik, salgyt amallary, töwekgelçilikleri dolandyryş, işewürligi meýilleşdiriş we býujet, taslama maliýelleşdirilmesi we taslama boýunça buhgalterçilik hasabaty. 2006-njy ýylda “PETRONAS” kompaniýasyna goşulyp, Gaýtadan işlemek, daşamak we ýerleşdirmek bölümçesinde 11 ýyl işläninden soň, 2017-nji ýylyň 01-nji ýanwarynda ol Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş bölümçesine goşuldy. Gaýtadan işlemek, daşamak we ýerleşdirmek bölümçesinde onuň birinji wezipesi 6 aýyň dowamynda Malaýziýanyň ýarymada böleginiň aktiwleri üçin Önümi paýlaşmak hakynda şertnama (ÖPŞ) boýunça nebit-gaz pudagynda buhgalterçilik hasabatyny dolandyrmakdan ybarat boldy. Soňra 2017-nji ýylyň iýulynda ol Kertehe Malaýziýanyň ýarymada böleginiň aktiwlerine buhgalterçilik hasabaty bölüminiň ýolbaşçysy (gaz) hökmünde geçirildi. 2020-nji ýylyň fewralynda ol “JVM” bölümçesiniň maliýe bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi we 2020-nji ýylyň iýulyna çenli şol wezipede işledi. Soňra “PETRONAS” kompaniýasynyň Malaýziýada gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş bölümçesiniň maliýe bölüminde maliýe tehniki hyzmatlar bölüminiň ýolbaşçysy hökmünde uly menejer wezipesine bellenildi we soňundan ýokary çekildi. Assmawi 2001-nji ýylda Dublin işewürlik mekdebinde (Irlandiýa) Liwerpul uniwersitetiniň buhgalter hasabaty we maliýe ugrundan bakalawr derejesini, şeýle hem 2017-nji ýylyň dekabrynda Diplomly şahadatnamaly buhgalterler bileleşiginiň (ACCA) şahadatnamasyny aldy. Häzirki wagtda ol ACCA agzasy, şeýle hem 2023-nji ýyldan bäri Malaýziýanyň buhgalterler institutynyň agzasy bolup durýar.