Maslahat barada

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi

OGT 2026: Halkara energetika forumynyň netijeleri we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly XXXI halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Bu iri pudaklaýyn çärä dünýäniň 75 ýurdundan 450-ä golaý kompaniýa wekilçilik edýän 1500-den gowrak wekiliýet agzasy gatnaşdy.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen şygary astynda geçirilen bu forum Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny strategik taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Energiýa Forum» kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Maslahata Döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, milli hem-de halkara energetika kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň, maýa goýum jemgyýetçiliginiň, ylmy-barlag guramalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýa üpjün edijileriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibinde dünýäniň iň iri tebigy gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmegiň mümkinçilikleri, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, tebigy gazy eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem gaz gaýtadan işleýän we gazhimiýa önümçiliklerini giňeltmek meseleleri esasy orun eýeledi.

Forumda nebitgaz senagatyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly ulgamy we emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga, önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga hem-de pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Daşky gurşawy goramak we ekologik jogapkärçilik meseleleri hem forumyň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Hususan-da, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we uglerod zyňyndylary pes bolan döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

OGT 2026 forumynyň möhüm netijeleriniň biri Hytaýa, Malaýziýa, Gazagystana we Özbegistana wekilçilik edýän halkara hyzmatdaş kompaniýalary bilen bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi boldy. Bu resminamalar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, nebitgaz hyzmatlaryny ösdürmäge we senagat önümleriniň üpjünçiligini giňeltmäge gönükdirilendir.

Maslahat bilen utgaşykly geçirilen halkara sergi kompaniýalara energetika pudagy üçin niýetlenen öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary we hyzmatlary tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Işewürlik düzümleriniň arasynda (B2B), şeýle hem işewürlik düzümleri bilen Döwlet edaralarynyň arasynda (B2G) geçirilen birnäçe duşuşyklar täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etdi.

Maslahatyň jemleri boýunça halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan goşantlary we gazanan üstünlikleri üçin hyzmatdaşlary hem-de gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

OGT 2026 forumynyň geçirilmegi Aşgabat şäheriniň energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça netijeli halkara dialogy alyp barmak üçin möhüm meýdançalaryň biri hökmündäki ornuny ýene-de bir gezek tassyklady.

OGT 2026 forumynyň guramaçylary Döwlet edaralaryna we guramalaryna, halkara wekiliýetlere, çykyş edenlere, moderatorlara, gatnaşyjylara, sergä gatnaşan kompaniýalara, hyzmatdaşlara, hemaýatkärlere hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine foruma işjeň gatnaşandyklary we onuň üstünlikli geçirilmegine goşan gymmatly goşantlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Milli we daşary ýurt kompaniýalaryna, halkara guramalara hem-de pudaklaýyn bilermenlere aýratyn hoşallyk bildirilýär. Olaryň goldawy we işjeň gatnaşmagy tejribe alyşmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam etdi.

OGT 2027-de duşuşýançak!

Halkara energetika dialogynyň köpýyllyk däplerini dowam etdirmek bilen, bu halkara çäresiniň guramaçylary dünýäniň energetika jemgyýetçiliginiň wekillerini «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2027» (OGT 2027) atly XXXII halkara maslahatda we sergisinde ýene-de bir gezek mähirli garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

OGT 2026 forumynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň we ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek hem-de energetika pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin berk binýat boljakdygyna ynanýarys.

OGT - Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.

Halkara hyzmatdaşlygy üçin iň uly mümkinçilikler serhetüsti infrastruktura ulgamyny ösdürmekden, bazarlaryň özara baglanyşygyny gowulandyrmakdan we gazyň ähli gymmatlyk zynjyry boýunça maýa goýum mehanizmlerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr.


TAPI-niň hakyky binýady oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ynamdyr.


Size şu ýyl geçirilen OGT çäresiniň ýokary derejede guralmagy we uly zähmetiňiz üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Sergi we konferensiýa örän oňat derejede guralypdyr, hem-de çäräniň her bir tarapyna köp wagt we zähmet sarp edilendiginiň aýdyň görünýär. Bu çärä ilkinji gezek gatnaşmak biziň üçin uly hormat boldy, we geljekde OGT-e gaýtadan gatnaşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.