Çykyş edýän barada

team image

Guwanç Agajanow

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

2002-nji ýylda Türkmen Politehniki institutynyň Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak hünäri boýunça tamamlady we dag inženeri käri aldy. Zähmet ýoluny 2003-nji ýylyň dekabr aýyndan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Nebitgazgözleg» ekspedisiýasynda burawçynyň kömekçisi bolup işe başlap, ol ýerde 2004-nji ýylyň iýun aýyna çenli zähmet çekdi. 2004-nji ýylyň iýun aýyndan 2007-nji ýylyň aprel aýy çenli Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň baş hünärmeni bolup işledi. 2007-nji ýylyň maý aýyndan, 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2016-njy ýylyň iýul aýyndan 2019-njy ýylyň ýanwar aýy aralygynda «Türkmengaz» döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi we 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Nebitgaz toplumy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellenildi.