«PETRONAS» kompaniýasynyň Amallar boýunça baş direktory, Upstream ugry boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti we Baş dolandyryjy direktory
Mohd Jukris Abdul Wahab 2026 ýylyň 01 fewralyndan bäri “PETRONAS” kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory wezipesinde işleýär. 2024 ýylyň 01 iýulynda ol Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş bölümçesiniň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory hökmünde bellendi. Ol uglewodorodlary gözlemek, işläp taýýarlamak we gazyp almak pudagynda köp ýyllaryň dowamynda dürli ýolbaşçy wezipelerinde, şol sanda Halkara aktiwler boýunça wise-prezident we Malaýziýadaky aktiwler boýunça wise-prezident wezipesinde işlän döwründe uly iş tejribesini toplady. Onuň hünär tejribesi Direktorlar geňeşiniň derejesindäki işi hem öz içine alýar. Ol “PETRONAS Çarigali Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň hem-de “PC International Ventures Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň garaşsyz agzasy bolup işledi we kompaniýalarda netijeli korporatiw dolandyryşyň üpjün edilmegine hem-de strategik ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagyna öz goşandyny goşdy. Ol “PETRONAS” kompaniýasynda öz zähmet ýoluna 1990 ýylda işläp-taýýarlaýjy inžener wezipesinde başlady. Şol wagtdan bäri ol Malaýziýada we halkara amallarda dürli wezipeleri eýeledi, şol sanda “PETRONAS” kompaniýasynyň Nebiti we gazy gazyp almak boýunça bölüminiň (PMU) Uly baş menejeri, “PETRONAS” kompaniýasynyň prezidentiniň ýerine ýetiriji kömekçisi, “PETRONAS” kompaniýasynyň Sudandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy, Malaýziýanyň ýarymada böleginde kompaniýasynyň amallar boýunça ýolbaşçysy we nebit-gaz çykarmaklygyň tilsimaty bölüminiň başlygy bolup işledi. “PETRONAS” kompaniýasynda 30 ýylyň dowamynda işlän döwründe onuň möhüm hünär üstünliklerine şular girýär: 2008 ýylda Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamany (ÖPŞ), şeýle hem Baram Delta nebit känindäki önümçiligi güýçlendirmek taslamasy boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamany baglaşmak boýunça gepleşiklere ýolbaşçylyk etmegi. Ol Malaýziýadaky öň eýe çykylmadyk kiçi känleri özleşdirmäge gönükdirilen Öwezi dolmagy iň pes kepillikli şertnamanyň baş ýörelgesiniň döredilmeginde, şeýle hem önümçilik işi tamamlanandan soň desgalary ulanyşdan çykarmak we petiklemek boýunça “PETRONAS” kompaniýasynyň başlangyjynyň işlenip taýýarlanylmagynda möhüm orun eýeledi. Daşary ýurtlarda işlän döwründe Jukris Günorta Sudanyň Sudandan bölünip aýrylmagyna çenli hem-de ondan soňra-da “PETRONAS” kompaniýasynyň bähbitlerini goramakda möhüm rol oýnady. Jukris şeýle-de dünýä ýüzünde geçirilýän pudaklaýyn çärelere işjeň gatnaşýar, esasy çykyşlary edýär we bilermen hökmünde çykyş edýär. Onuň esasy çykyşlarynyň arasynda şulary belläp bolar: “Aziýanyň energiýasy 2025” konferensiýasy, 2025 ýyldaky Nebit tehnologiýalarynyň halkara konferensiýasy (IPTC), 2024 ýylda geçirilen ADIPEC (Abu-Dabi halkara nebit sergi-konferensiýasy) liderleriniň tegelek stoly, GE liderleriniň forumy, 2018 ýylda geçirilen Deňiz tehnologiýalary boýunça Aziýa konferensiýasy we Inžener-nebitçiler jemgyýetiniň (SPE) dürli çäreleri. Jukris Tehas tehnologiki uniwersitetiniň Nebit we gazy çykarmak tehnologiýasy boýunça bakalawr derejesiniň eýesidir. Ol 2006 ýylyň aprel aýynda INSEAD ýokary ýolbaşçylyk ösüş maksatnamasyna hem-de 2015 ýylda Pensilwaniýa uniwersitetiniň Uorton işewürlik mekdebinde giňişleýin dolandyryş taýýarlama okuwyna gatnaşdy.