Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany bilen Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 1979–1985-nji ýyllarda Moskwanyň Döwlet Halkara Gatnaşyklar Institutynyň (MGIMO) Daşary ykdysady gatnaşyklar fakultetinde bilim aldy. 1983–1988-nji ýyllarda Ýemende we Yrakda SSSR-iň söwda wekilhanalarynda hem-de SSSR-iň Daşary söwda ministrliginde dürli wezipelerde işledi. 1988–1998-nji ýyllarda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde we Ministrler Kabinetinde zähmet çekdi. 1998–2020-nji ýyllarda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) Marketing we ykdysady amallar müdirliginde hem-de Gaz eksporty müdirliginde işledi.