Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirip, gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy.
Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşykda gaz pudagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Bellenilişi ýaly, häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady.
Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.
Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.