Umumy maglumat

Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti OGT 2025 forumyna gatnaşar

Halkara gaz bileleşiginiň (IGU) prezidenti Anderea Steger şu ýyl geçiriljek «Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2025» atly forumda esasy çykyş ediji hökmünde gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler.

Stegeriň çykyşy OGT-niň ýokary derejeli dialogyna, sebitleýin we halkara energetika bazarlary üçin möhüm döwürde uly ähmiýet goşar.

Halkara gaz bileleşigi 70-den gowrak ýurtdan 130-dan gowrak agzany birleşdirýär, dünýä gaz bazarynyň 90%-den gowragyny öz içine alýar we ygtybarly, howpsuz hem-de pes uglerodly energetika çözgütlerini öňe sürýär.

OGT-niň taryhynda IGU-nyň Prezidentiniň ilkinji gezek şahsy gatnaşmagy forumyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň artýandygyny we Türkmenistanyň Ýewraziýanyň energetika ýollarynyň çatrygyndaky strategik ornuny görkezýär.

Belläp geçsek, 30-njy gezek geçiriljek «Türkmenistanyň nebit we gazy – 2025» (OGT 2025) halkara forumy şu ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde bolar.

Forumyň guramaçylary «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bolup, olara «Turkmen energy forum» kompaniýasy goldaw berýär.

Häzirki wagta çenli maslahata 40 ýurtdan 300-den gowrak wekiliň, şol sanda milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, tehnologiýa liderleriniň we maliýe edaralarynyň gatnaşjakdygy tassyklandy.

OGT 2025-niň meýilnamasyna energetika howpsuzlygy boýunça ministrler derejesinde dialog, gazy monetizasiýa etmek we infrastruktura, metan hem-de CO2 zyňyndylaryny azaltmak, sanly operasiýalar, maliýeleşdirmek, ýerli hünärmenleri taýýarlamak we innowasion ekosistemalary ösdürmek boýunça mejlisler girýär.