Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň sekiz aýynda gurluşyk we senagat toplumynyň işiniň netijelerine seredildi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 107,8 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,2 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 103,1 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 117,6 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.