Täzelikler
Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistan we Ýewraziýa patent guramasy (ÝPG) amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine hem-de intellektual eýeçiligi goramagyň hukuk meselelerine garadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy Grigoriý Iwliýew bilen bolan duşuşygynda maslahatlaşyldy. Duşuşykda bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna we geljegine hem-de bilelikde çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝPG-niň işine işjeň gatnaşýandygyny, ýurduň bu guramanyň esas goýujy resminamasy bolan Ýewraziýa patent Konwensiýasyna goşulan ilkinji döwletdigini nygtadylar.

Soňky täzelikler