Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda A.Owerçuk Wladimir Putiniň we Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmek bilen, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, A.Owerçugyň saparynyň yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.