Türkmenistan bilen Eýran Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisini şu ýylyň ahyryna çenli geçirerler.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu mesele Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň eýranly kärdeşi Seýed Abbas Aragçi bilen 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda bolan telefon gepleşiginiň dowamynda maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň oňyn ösüşini nygtap, Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleriniň şu ýylda bolan duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garadylar.