Täzelikler
Ykdysadyýet Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi 1,427 milliard manatlyk önüm öndürdi

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň umumy bahasy 1 milliard 427 million manada deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde maglumat berdi. Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, tutuş toplum boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Gurluşyk we binagärlik ministrligi 106,5 göterim, Energetika ministrligi 104,2 göterim ösüş bilen önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirdiler. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni 120,3 göterim ösüş depgini bilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi.

Soňky täzelikler