Gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda Günorta Koreýada iň öňdebaryjylaryň biri bolan “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy Türkmenistanda öz işlerini giňeltmek mümkinçiliklerini işjeň öwrener. 3 – 5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara maslahata (CIET 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde “Daewoo” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Won Çžu Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen kompaniýanyň geljekki işlerini maslahatlaşdy. Bu barada “The Korea Herald” neşiri duşenbe güni habar berdi. Ýylda 350 müň tonna fosfat dökünlerini we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek Türkmenabatdaky mineral dökünler zawodynyň gurluşygy boýunça şertnamanyň baglaşylmagy möhüm ädimleriň biri boldy. Bu taslama degişli şertnama baglaşylmagynyň öňüsyrasynda, maliýeleşdirmek işi bolsa tamamlaýjy tapgyrdadyr.