Türkmenistanyň Parlamenti Daniýanyň täze Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Daniýanyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi Ýesper War (Moskwada rezidensiýasy bilen) Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçä ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň düzümi, dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.