Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
E.Stýuart ikiçäk gepleşikleri geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň netijeli we özara bähbitli işlemegi üçin ähli şertler döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda Erik Stýuart Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi.
Ol şeýle hem Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan döwlet ekologiýa syýasatynyň netijesinde hasyl boldy.