Türkmenistan bilen Malaýziýa medeniýet, sungat we medeni miras ulgamynda şeýle hem, kauçuk senagatyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda iki sany ähtnama gol çekmek bilen ikitaraplaýyn gtanaşyklary has-da berkitdiler. Resminamalar gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Malaýziýanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar ibragim bilen “Perdana Putra” köşgünde bolan duşuşygynda taraplar söwda we maýa goýum, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk, ýokary bilim, syýahatçylyk hem-de ulag meselelerine bagyşlanan gepleşikleri geçirdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň alty orunbasaryndan, bäş ministrinden, şol sanda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowdan ybarat türkmen wekiliýeti maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar.
Geçirilen gepleşiklerden soň, Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň hormatyna “Seri Perdana” köşgünde resmi günortanlyk naharyny berdi. Oňa Malaýziýanyň Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Premýer-ministriň orunbasary Datuk Seri Fadilla Ýusuf, daşary işler ministri Datuk Seri Mohamad Hasan, içerki söwda we ýaşaýyş nyrhnamalaryna gözegçilik ministri Datuk Armizan Mohd Ali gatnaşdylar.