Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň we Ermenistanyň Respublikasynyň täze bellenilen ilçilerini kabul etdi. Olar Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Özbegistan Respublikasynyň ilçisi Rawşanbek Alimow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny ýetirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent hormatdygyny belledi. Ol dostlukly gatnaşyklaryň, umumy medeni we taryhy gymmatlyklaryň iki ýurdy jebisleşdirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem berkidiljekdigine ynam bildirdi. Diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli gutlap, ýurda parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.