-->
Täzelikler
Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi açyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda şenbe güni “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sergä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagy okaldy. “Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara forumyň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynanýaryn” diýlip gutlag hatynda bellenilýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri bar. Çärä gatnaşyjylar dürli ulgamlarda dünýä derejesinde gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän önümlerini, işläp taýýarlamalaryny we innowasion çözgütlerini tanyşdyrýarlar.

Sergi diňe bir harytlary we hyzmatlary däl, eýsem, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamyndaky taslamalary, Aşgabady “ýaşyl” şähere öwürmek boýunça tagallalary görkezýän işleri öz içine alýar.

Serginiň diwarlyklarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, türkmen telekeçileriniň hem-de Aşgabatda iş alyp barýan we iri şähergurluşyk maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri tanyşdyrylýar.

Soňky täzelikler