
Aşgabat şäher häkimligi Hytaýyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Jemi bahasy $60 milliona barabar bolan şertnama şäher infrastrukturasyny ösdürmäge we paýtagt şäherde jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Taslamany durmuşa geçirmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmek üçin “Zoomlion” kompaniýasynyň seljeriş topary Aşgabat şäherine geldi. Hünärmenler şäher gurşawynyň, hususan-da, ýokary gyzgynlyk we çäge tozanlary şertlerinde tehnikalary barlagdan geçirdiler. Barlaglaryň netijeleri boýunça tehnikalar Merkezi Aziýanyň howa şertlerine uýgunlaşdyryldy hem-de +45 gradus gyzgynlykda hem durnukly işjeňligi görkezdi.
Şertnamanyň çäklerinde Hytaýyň “Zoomlion” toparynyň düzümine girýän “Infore Enviro” kompaniýasy köçeleri arassalamak, zibilleri daşamak we şäher infrastrukturasyna hyzmat etmek üçin Türkmenistana häzirki zaman çözgütli tehnikalary iberer. Aşgabatda gije-gündiz hereket edýän hyzmat merkezini döretmek şertnamanyň esasy wezipeleriniň biri bolar.
“Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd.” kompaniýasy hapalanma derejesine gözegçilik etmek üçin enjamlary we tehnikalary öndürmekde iş alyp barýar. Kompaniýa daşky gurşawy goramak, gurluşyk we gaty jemagat galyndylaryny, hojalyk zibillerini ýok etmek üçin tehnikalary hem-de beýleki ýöriteleşdirilen enjamlary öndürýärler. “Changsha Zoomlion Heavy Industry Environmental Industry” şeýle hem degişli ugurlar bilen bagly awtoulag serişdelerini öndürýär.