
Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara yslam korporasiýasynyň (ITFC) Baş direktory Adib Al-Aama korporasiýanyň 2025-nji ýyldaky ýyllyk maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda maliýeleşdiriş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini hem-de Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, ITFC-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasynda ykdysady arabaglanyşygy we Merkezi Aziýada söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin maksatnamasy bolan TCCA+ başlangyjyna aýratyn üns berildi.
Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany we Azerbaýjany öz içine alýan bu maksatnama sebit ýurtlarynyň arasynda söwdany we hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ykdysady ösüşe ýardam bermegi maksat edinýär.