
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýa döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi. Saparyň çäklerinde taraplar özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem saparyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmen-mongol işewürler forumyny, türkmen halysynyň sergisini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň görkezilişini hem-de iki ýurduň sungat işärleriniň gatnaşmagynda medeni çäre geçirmek meýilleşdirilýär.