-->
Täzelikler
Demirgazyk Gazlydepe käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleriniň Demirgazyk Gazlydepe käninde burawlan barlag guýusyndan tebigy gazyň bol akymy alyndy. Bu barada “Nebit-Gaz” gazetinde sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekspedisiýa Aganyýaz Akyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilip, ekspedisiýasynyň hünärmenleri burawlanan bu guýynyň önüm berijiliginiň tebigy gazyň bir gije-gündizde 420 müň kub metrine, gaz kondensatynyň hem 5 tonnasyna barabardygyny tassyklaýarlar.

“Biziň burawlan barlag guýymyzyň 3 müň 85 — 3 müň 89 we 3 müň 108 — 3 müň 123 metr aralyklaryndan tebigy gazyň bol gorunyň üsti açyldy” diýip, ekspedisiýanyň baş geology Sünnet Hatamow gürrüň berýär.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň arasynda işlenip düzülen we tassyklanan meýilnamanyň çäginde Üňüzaňyrsy Garagumda barlag-gözleg işleri giňden alnyp barylýar. Bu meýilnama 2024 — 2026-njy ýyllarda olaryň hasaplaryndaky kükürtsiz gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamagy öz içine alýar.

Häzirki günlerde bolsa Tebigy, Demirgazyk Köseşor meýdançalarynda täze guýulary burawlamak işleri ýokary depginde dowam edýär.

Soňky täzelikler