-->
Täzelikler
Eýranyň Türkmenistandan importy 22,9% artdy

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň birinji aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji marty – 20-nji apreli aralygy) Eýranyň Türkmenistandan import eden harytlarynyň möçberi düýpli ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasy (IRICA) habar berýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende (2024-nji ýylyň 20-nji marty – 19-njy apreli aralygy) Türkmenistandan importyň möçberi pul hasabynda 22,9 göterim, agram babatda hem tas iki esse, ýagny 98 göterim artdy.

Bellenen döwürde Eýran $496 müň dollar bolan 670 tonnalyk harydy import etdi. Bu babatdaky görkeziji geçen ýyl $404 müň dollara we 343 tonna deňdir. Importyň düzüminde nebit koksy, pagta, mata ýaly harytlar bar.

IRICA-nyň mälim etmegine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky çig mal däl haryt dolanyşygy 105 müň tonna ýa-da $27,4 million dollara barabardyr. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden baha babatda 3 göterim, möçber babatda hem 2,5 göterim ýokarydyr.

Geçen aýda Eýranyň import eden çig mal däl harytlarynyň umumy möçberi 1,8 million tonna ýa-da $2,85 milliard dollara deň boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende baha babatda 2,3 göterim, möçber babatda hem 26,4 göterim ösüş gazanyldygyny hasabatda mälim edilýär.

Soňky täzelikler