
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Gazagystana iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi tassyklanyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mübärekläp, iki ýurduň arasynda ozaldan gelýän dost-doganlygyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de saparyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Ol şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň jemleriniň Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygyna, ykdysady we medeni gatnaşyklara degişli meseleleri maslahatlaşmagy dowam ederler.