
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem söhbetdeşler kiberhowpsuzlyk, ýaşyl tehnologiýalar we bilim ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň işine we onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.