-->
Täzelikler
Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon sapar bilen Türkmenistana geler

Daşary ýurtlarda ýaşaýan fransuz raýatlaryna wekilçilik edýän Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon 23–24-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew bilen Fransiýa Respublikasynyň Senatynda çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda habar berildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi we Fransiýanyň senatorynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu saparyň iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädim bolmagyna garaşylýar.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi saparynyň dowamynda gol çekilen 2025–2026-njy ýyllarda umumy we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň ýerine ýetirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Fransiýanyň senatory Samanta Kazebon we türkmen ilçisi Maksat Çaryýew medeni hem-de bilim ugurlarynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Soňky täzelikler