
Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Baku şäherinde geçirilen “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylanlar we mümkinçilikler” atly forumyň açylyşynda belläp geçdi. Bu barada çarşenbe güni “Report.az” neşiri habar berdi.
Diplomat çykyşynyň dowamynda iki döwletiň arasynda umumy taryhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini aýtdy. “9-njy iýunda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygyny belläp geçdik. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda we strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnama esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrylýar” diýip, Samir Şarifow nygtady.
Şeýle hem ministriň orunbasary Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda umumy guryýer serhediniň ýoklugyna garamazdan, Hazar deňziniň iki döwleti baglanyşdyrýan esasy halkanyň wezipesini ýerine ýetirýändigini aýratyn belledi.
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň özara haryt dolanyşygynda ep-esli ösüş gazanyldy we onuň möçberi 400 million ABŞ dollaryna golaýlady.