
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 4-nji iýunda Aşgabatda gibrid görnüşde geçirilen okuw maslahatynda täze kabul edilen ÝB-niň Metan baradaky Düzgünnamasy (2024/1787) ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu düzgünnama energetika üpjünçilik zynjyrlarynda metan zyňyndylaryny has netijeli gözegçilikde saklamak, hasaba almak we azaltmak maksadyny göz öňünde tutýar. Bu barada Ýewropa Bileleşigi habar berýär.
Okuw maslahatynda hemra arkaly gözegçilik, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň nebit we gaz boýunça Metan hyzmatdaşlygy (OGMP 2.0), şeýle hem IMEO-MARS platformasy ýaly innowasion gurallar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu tehnologiýalar energetika pudagynda aç-açanlygy ýokarlandyrmaga we gurşawa bolan jogapkärçiligini artdyrmaga gönükdirilendir.
Çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän “ÝB – Ýaşyl Türkmenistan üçin” taslamasynyň çäklerinde gurnaldy. Onda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň howanyň üýtgemegi boýunça degişli çäreleri hem-de durnukly ösüşi ilerletmekdäki ähmiýete aýratyn üns berildi.
Metan zyňyndylarynyň azaldylmagy onuň global ýylylyga güýçli täsiri sebäpli ekologiýa taýdan has arassa geljege tarap möhüm ädimdir.