
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän “Garaşsyzlyk” köşgünde sişenbe güni öz işine başlan “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şeýle hem sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Astanada geçirilýän ikinji sammitiň gün tertibi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berler.
“Merkezi Aziýa — Hytaý” formaty 2020-nji ýylda döredilen ýaş hyzmatdaşlyk meýdançasy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen döwrüň dowamynda Alty ýurduň Liderleri 2022-nji ýylyň ýanwarynda onlaýn tertipde, 2023-nji ýylyň maýynda bolsa Sian şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi.