
“Marygazçykaryş” müdirliginiň buýurmasy esasynda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň hünärmenleri “Galkynyş” gaz käniniň 264 belgili ulanyş guýusyndan täze gaz akymyny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan “Galkynyş” gaz käniniň 264 belgili ulanyş guýusynda 4 müň metrden gowrak çuňluk burawlandy.
Önümli gatlagyň 3852 — 4011 metr aralygy özleşdirilip, bir gije-gündizdäki çykymy 2 million 240 müň metr kuba deň bolan gaz akymy alyndy.
Habarda bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işler ýurtda bu ugry ösdürmäge, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.
Ýakynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleriniň Demirgazyk Gazlydepe käninde burawlan barlag guýusyndan tebigy gazyň bol akymy alynypdy.