
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň geçirilmegi boýunça hasabat berdi. Bu Hazar sebitinde ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri boýunça sebitara dialogy berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Merkezi Aziýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin tagallalara, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak meselelerine aýratyn üns çekdi. Ol Türkmenistanyň sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda ygrarlydygyny nygtap, Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilen we onuň goldamagynda işlenip taýýarlanylýan Hazar ekologik başlangyjynyň Konsepsiýasynyň ähli kenarýaka döwletleriň garamagyna iberilendigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Aral deňzine degişli mesele barada aýdyp, Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Aral deňzi boýunça Milli maksatnamany kabul eden sebitiň ýeke-täk döwleti bolup galýandygyny belledi. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilişini seljermek we 2026–2030-njy ýyllar üçin täze görnüşiniň taslamasyny taýýarlamaga girişmek maksady bilen, 27-nji iýunda Aşgabatda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi geçiriler.
Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy gazanmak boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.