
Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasy 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda geçirilen dabaraly gol çekişlikden soň resmi taýdan diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, doplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky Bilelikdäki komýunikä Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Meri Elizabet Flores gol çekdi.
Gol çekişlik dabarasynyň öňüsyrasynda Aksoltan Ataýewa bilen Meri Elizabet Flores duşuşyk geçirip, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şeýle hem,ş halkara guramalaryň, aýratyn hem BMG-niň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gondurasyň hökümetlerini hem-den halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.